68682
2020-01-27
TurkmensNews- Talyban topary Owganystanyň gündogarynda ýerleşen Gazni welaýatynda Amerikaly harbylaryň uçarynyň ýere gaçmagynyň jogapkärçiligini boýun aldy
Talyban toparynyň metbugat wekili Zabiholla Mujahid şu gün çykaran beýannamasynda Talyban topary Amerikaly harbylaryň uçaryny urup ýere gaçyrdy şonuň netijesinde Amerikaly afiserleriň we CIA guramasynyň güýçleriniň bir topary heläk boldylar diýip yglan etdi.
mundan ozal hem Owganystanyň howa gatnawlary kontrol edýän ydarasynyň başlygy Golammuhammet Mäsumi Gazni welaýatynyň Dehýek etrapynyň Saduhil sebitinde ýere gaçan uçaryň daşary ýurtly şereketleriň birisine degişlidigini makullapdy.
Gazni welaýatynyň ýerli çeşmeleri bu uçardan takmynan bir ýüz jesediň çykarylandygyny habar berdiler.
şol bir wagtda Amerikanyň harby jogapkärleri bu ýurduň Owganystanda bir uçarynyň urulyp ýere gaçyrylmagy baradaky habary yglan etmekden saklanyp durandyrlar.olar diňe bu meseläniň barlanyp durulanlygyny yglan edendirler.
Degişli Habarlar
Commets
Last News
13 مارس 2024
11 مارس 2024
01 مارس 2024
01 مارس 2024
21 فوریه 2024
Your Comment