ترکمن نیوز

amrika 300x169 - Amerika ,Eýranyň gämilerine täze sanksiýalary ýöretdiTurkmensNews-  Amerika,Eýrana garşy aňyrbaş gysyş bermek çarçuwasynda etýän hereketlerinde, Eýrana garşy bolan uzak sanksiýalaryna täze bir sanksiýasyny artdyrandyr

 

Amerika,Eýrana garşy aňyrbaş gysyş bermek çarçuwasynda etýän hereketlerinde,2018-njy ýylyň maý aýynda ýadro ylalaşygyndan çykmakdan soň iň taýsyz bolan sanksiýalary Eýrana garşy ýöredip mahal mahal hem Eýrana garşy bolan uzak sanksiýalaryna täze bir sanksiýasyny artdyrandyr.Waşiňtonyň şu ugurda eden iň täze hereketinde Amerikaň DIM-i Maýk Pompeo düýn bir beýannamany berip Eýran yslam respublikasynyň gämiler şereketiň we Eýran respublikasynyň gämiler şereketiniň astynda bolan Hytaýly E-sail şereketiň sanksiýalary şu günden başlandyr diýip yglan etdi.Amerikaň döwleti 6 aý mundan ozal Eýran yslam respublikasynyň gämiler şereketini we şoňa bagly şereketleri 13382-njy permany bilen sanksiýa gyryzypdy,emma Amerika bu sanksiýalaň amala aşmagyndan soň ۱۸۰ günlik möhleti beripdi. Amerikaň DIM-i Maýk Pompeo öz beýannamasynda ,Amerikaň döwleti geçen ýyl Eýran yslam respublikasynyň gämiler şereketine garşy bolan sanksiýalary ynsanperwer önümleriň Eýrana barmak üçin bir ýyl yza oklandyr.indi bu möhlet gutarandyr we her bir şereket Eýran yslam respublikasynyň gämiler şereketi we Hytaýly E-sail şereketiň üsti bilen önümleri tranzit etse Amerikaň sanksiýalaryna gabat geljekdir diýip toslady.Amerika iş ýüzinde lukmançylyk dewa dermanlar we gumanytar kömekleriň Eýrana ýetirilmegine böwet bolupdurandyr.ýene bir tarapdan Amerikaň haznadarlyk ministrligiň daşary maýalar we baýlyklar gullygy bolan UFK öň sanksiýa giren Eýranyň ýuk çekýän we nebit daşaýan 125 gämini ýenede sanksiýa saldy.Tramp döwleti Eýranyň nebit çekýän gämilerini duruzyp başarmady.onuň üçin Eýranyň gämiler şereketini we gämilerini ýaňadan sanksiýa salypdurandyr.Amerika Tähranyň garşysynda ruswa bolupdurandyr we Tramp bu ruswalygyň ýerini bu sanksiýalar bilen doldurjak bolýandyr.

تاریخ و زمان خبر

23

06

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda