ترکمن نیوز

Amerika Eýrana garşy esassyz toslamalaryny gaýtalady TurkmensNews-  Amerikanyň daşary işler ministrligi şu gün Eýran Yslam Respublikasyna garşy özüniň esassyz aýyplamalaryny we toslamalaryny gaýtalady

 

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Yragyň paýtagty Bagdat-da Amerikanyň ilçihanasyna edilen raketalyk hüjümiň yzy bilen bu ýurduň daşary işler ministrligi bir beýannama boýunça Eýran tarapyndan goldanýan toparlar Yragyň howpsuzlygyna wehim abandyrýandyrlar diýip toslady.

۲۰۱۹-nji ýylyndan bäri Eýran we Eýran tarapyndan goldanýan militanlar tarapyndan Yrakda 14 gaýtar Amerikaly harbylara hüjüm edilendir diýilip Amerikanyň daşary işler ministrliginiň beýannamasynda toslanandyr.

Waşington bir ýagdaýda Eýrany we Yrakdaky kä toparlary aýyplaýandyr welin henize çenli hiç bir topar bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan däldir.

öten agşam Bagdat-da Amerikanyň ilçihanasyna garşy ýola berilen raketa hüjüminde bu ilçihananyň ۵ işgäri ýaralandy we aýdylşyndan ýaraly bolanlaryň birisiniň hal ýagdaýy erbet bolmaly.

 

 

تاریخ و زمان خبر

27

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda