ترکمن نیوز

1594316559 300x225 - Ahal-teke bedewlerine bagyşlanan webinarTürkmenistanyň Fransiýadaky we Awstriýadaky Ilçihanalary Fransiýanyň ahal-teke atçylygy assosiasiýasynyň hem-de Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýardam bermeginde «Ahal-teke bedewleriniň asyrlar we müňýyllyklar aşan şöhrady» temasyndan Halkara webinar guradylar.

Ýurdumyzyň Pariždäki hem-de Wenadaky diplomatik wekilhanalary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ۲۵ ýyllygyna bagyşlanan onlýan-çärä Fransiýanyň we Awstriýanyň dürli pudakalýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerini, Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinden at ýetişdirýänleri, şeýle hem kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekillerini çagyrdylar.

Çykyş edenlerden Fransiýanyň oba hojalygy we azyk ministrliginiň ýanyndaky Fransiýanyň at çapmak we atşynaslyk institutynyň baş direktory Žan-Roşe Gaýe ahal-teke bedewleriniň muşdagydygyny nygtap, öz ýolbaşçylyk edýän Institutynyň «Türkmen atlary» Döwlet birleşigi bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny belledi.

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge, şeýle hem Jemgyýetiň işine üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde, Wengriýanyň ahal-teke bedewleri assosiasiýasynyň prezidenti Ýožef Gýul Nýeki özüne «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» ady berlendigi üçin türkmen Liderine ýene bir gezek hoşallyk bildirdi, ştab-kwartirasyny Budapeştde ýerleşdirip, ahal-teke atçylygynyň utgaşdyryjy merkezini döretmegi teklip etdi we bu özboluşly tohum atlaryny dünýä ýaýmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

تاریخ و زمان خبر

22

08

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda