ترکمن نیوز

،ABŞ tarapyndan öldürilen general Kasym Süleýmaniniň jynazasynda dyknyşyk boldyTurkmensNews-  Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp baran Iýerusalim güýjüniň serkerdesi general Kasym Süleýmaniniň Kirman şäherinde geçirilen jaýlamak çäresinde ýüze çykan dyknyşykda 40 adam ýogaldy, 213 adam ýaralandy.

Eýranyň Adatdan daşary ýagdaýlar guramasynyň başlygy Pir Hüseýin Kuliwend, döwlet telewideniýesine beren beýanatynda, ilkinji kesgitlemelere görä ۳۵ hökmünde aýan edilen ýogalan adamlaryň sanynyň ۴۰ adamdygyny düzeltdi.

Kuliwend 48 hökmünde kesgitlenen ýaralanan adamlaryň sanynyň bolsa 213-dygyny habar berdi.

Dyknyşyk sebäpli jaýlamak çäresi duruzyldy we jaýlamak çäresiniň güni yza süýşürildi.

Kasym Süleýmaniniň jynazasy, ýurdyň paýtagty Tähranda geçirilen çäreden soň öz dogduk ýeri Kirmana ugradyldy.

Jynazasy şu gün irden Kirman howa menziline bardy.

Kirmanda jynaza çäresiniň geçiriljek meýdana şäheriň merkezinden we golaýdaky ýerlerden köp sanda adam geldi.

Şäheriň baýdaklar bilen gyzyl reňke bürenendigi bellenip, Eýranyň halkynyň şygarlar aýdýandygy mälim edildi.

Dabara gatnaşan Ynkylap goragçylarynyň Baş serkerdesi Hüseýin Selami, eden çykyşynda öjüň alynjakdygyny belledi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň çäginde iş alyp barýan Iýerusalim güýjüniň serkerdesi general Kasym Süleýmaniniň  we Haşdi Şabi söweşijileriniň başlygynyň orunbasary Abu Mehdi Al-Mühendisiň Bagdat howa menziliniň golaýynda guralan hüjümde öldürilendigini habar beripdi.

 

تاریخ و زمان خبر

07

01

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda