• news ID :

    78705

  • /
  • Date :

    2020-07-09

  • Font

Eyran BMG Howpsuzlyk 300x169 - Eýranda ýaşaýan daşary ýurtly žurnalistleriň BMG Howpsuzlyk Geňeşine ýazan haty: Sanksiýalary ýatyrmaga ünsi çekmekTurkmensNews-  Eýrandaky daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň ýazyjylary we žurnalistleri ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy sanksiýalarynyň dowam etmegine nägilelik bildirdi

IRNA çarşenbe güni Eýranda ýaşaýan kyrk alty daşary ýurtly žurnalistiň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşie agza ýurtlaryň döwlet baştutanlaryna üç dilde hat ýazandygyny aýdyp Koronawirusynyň ýaýramagy ähli hökümetlere we halklara adamzady halas etmek üçin iň oňat bejergi we çözgüt tapmak üçin taryhy jogapkärçiligi ýükledi diýip yglan etdiler.

Daşary ýurt habarçylary ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy zulum bolan sanksiýalaryna ünsi çekip ABŞ-nyň taryhy, şu wagta çenli Eýran halkyna bu hili agyr sanksiýalara şaýat bolan däldir we olary 1948-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky ähliumumy Adam Hukuklary Jarnamasynda görkezilen esasy hukuklaryndan, ýene bir ybaratda ömri goramak hukugyndan mahrum etdi diýip nygtadylar.

Eýranda, awtorlar we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalaryny ABŞ-nyň hökümetine Eýranyň doňdurlyp goýlan goýumlaryny boşatmak we Eýran hökümetine derman we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek üçin basyş etmek üçin taryhy, kanuny we ynsanperwerlik jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge çagyrdylar.

2018-nji ýylyň 8-nji maýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump öz ýurdunyň BMG Howpsuzlyk Geňeşinden çekilendigini birtaraplaýyn yglan etdi we Eýrana garşy ýadro sanksiýalaryny iki tapgyrda yzyna gaýtardy.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز