• news ID :

    77672

  • /
  • Date :

    2020-06-23

  • Font

1 200 300x261 - Medeniýetiň ösüşi, taryhy, ýörelgeleri, häzirki güni hakda gürrüň berýän sergiTurkmensnews- Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Medeniýet – halkyň ruhy baýlygydyr» atly sergi açyldy. Milli medeniýetiň ösüşine, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan sergi birnäçe bölümden ybarat.

Medeniýet dünýäsine syýahata başlan bölümlerimiziň biriniň ýörelgesi saz bilen žiwopisiň simwoliki birleşmesine esaslanýar: bu ýerde Bäşim Nuralynyň döşheýkeli, onuň döreden saz gurallary we ajaýyp türkmen kompozitorlary hakda žiwopis eserleri goýlupdyr. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň hazynasyndan beýleki ýurtlaryň aýdym-saz ýörelgeleriniň ösüşi barada düşünje berýän we medeniýetleriň gatnaşyklary temasyny açyp görkezýän eksponatlar bar.

Şaý-sepler bölümi türkmen zergärleriniň sungatynyň ösüşine syn etmäge we owadan şaý-sepleriň döreýşi bilen tanyşmaga çagyrýar. Ussanyň iş stolynda hakyk daşy oturdylan gülýaka we tumar bar.

Haly sungatynyň dürli görnüşli eserleri bilen tanşanymyzda medeni-magaryf bölüminiň hünärmeni Tamara Ilhanowa bu ýerdäki eksponatlar barada gyzykly gürrüň berdi.

-Gadymy döwürlerde türkmen halkynyň durmuşy halyçylyk bilen jebis baglanşykly bolupdyr – diýip sungaty öwreniji gürrüňe başlady. – Haly diňe bir gözellik taýdan ähmiýetli bolman, eýsem taýpanyň göçegçi durmuşyny göz öňünde tutsaň, durmuşyň aýrylmaz bir bölegi hem bolupdyr. Haly tilsimli dokalan zatlarda egin-eşik, gap-gaç we gaýry zatlar saklanypdyr. Ak öýlere haly düşek ýazypdyrlar, olary diwarlarda hem asypdyrlar.

Öýüň işiginiň daşyndan ýelden-ýagmyrdan, jöwzadan-aýazdan gorar ýaly eňsi asylypdyr… Gapynyň iç ýüzünden aşagy dürli ýüplük düwmeli gapylyk sallanylypdyr. Öýde adam ýoklugyny aňladýan insiz uzyn düşek – germeç öý adamsyz galdyrylan wagty bosaga düşelipdir, öý eýeleri gelen dessine-de, ony aýrypdyrlar.

Arheologik raritetler, etnografiýa eksponatlary bilen tanşanymyzdan soň, taryh bölümine geçdik. Ine, bular – ýaprak we ýolbars şekillendirilen akantlar. Gündogarda ýolbars tumar saýylypdyr, şonuň üçinem Gadymy Nusaýyň Tegelek ybadathanasynyň barelýefine ýolbars şekilleri salnypdyr.

Änew metjidiniň girelgesindäki bir-birine garşy duran aždarha şekili barada hem dürli çaklamalar bar. Bu ýordumyň gözbaşy barada häli-häzire çenli degerli düşündiriş berilmeýär. Belki-de, aždarhalar Änewiň tumary bolandyr.

Boş wagtymyz muzeýiň arheologiýa bölümindäki üýtgeşik eksponatlary görmäge gelmek islegi bilen biz tematiki bölümlere gezelenjimizi dowam etdik. Tanymal aktýorlaryň suratlary we milli kinosungatyň altyn gaznasyna giren filmlerden kadrlar goýlan diwarçalara syn edýän medeniýet institutynyň talyplary ünsümizi özüne çekdi.

Bize Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Myrat Baýramgeldiýew hem goşuldy, men ondan baýramçylyk meýilnamalary barada soradym.

-Her ýyl men hünär baýramymyza kärdeşlerime sowgat hökmünde täze aýdym taýýarlaýaryn. Bu gezek «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» aýdymyny aýtmakçy – diýip ol jogap berdi.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز