• news ID :

    19570

  • /
  • Date :

    2018-05-17

  • Font

Tyýatr 300x199 - Alp Arslan adyndaky teatrda “Alty gelin” täze oýun goýuldyTurkmensNews- 1941-nji ýylyň awgusty… Ýanýoldaşlaryny urşa ugradan alty gelin olar ýygnanşyk nokadyndan bellenilen ýere obalaryndan altmyş kilometr uzaklykdaky Raýewka stansiýanyň üstünden geçip gitjek diýen habar eşidýärler.

Gelinler söwerlerine taýýarlan tagamlaryny araba ýükleýärler, ýöne kolhozda oragyň gyzgalaňly döwri bolansoň olara at bermeýärler. Başlyk olara diňe stansiýa päsgelçiliksiz geçer ýaly hat berýär. Onsoň gelinler arabany egni bilen çekip, ýanýoldaşlaryna duşup, olary naharlamak umydy bilen ýola düşýärler.

60 kilometrlik ýol tutuş güniňi alýar, galyberse-de olaryň biri Münewweriň emdirýän bäbegem ýanynda, Reýhan bolsa doga keýtik. Wagt çalt geçer ýaly olar uruşdan öňki döwürdäki durmuşlaryndan gyzykly wakalary ýatlaýarlar.

Serwer ýaňadan öýlenen gaýny Zaýnullanyň ýarym put süle un berip, adamsy ikisini öýünden kowanyny gürrüň berýär. Emma obadaşlary ýaş çatynjalaryň arkasyny tutansoň, kolhoz başlygy sowet hökümetiniň adyndan Zaýnullany emläginiň üçden birini ogluna bermäge mejbur edýär.

Reýhanyň bagtyna tötänlik sebäp bolýar. Gyz agşam öý işlerine güýmenip ýörkä, azaşyp gelen pälwansypat Güňlebaý olara gonak bolýar. Reýhanyň bişiren tagamyna hem myhmansöýerligine göwni ýeten ýigit tizara oňa söz aýdýar…

Bu oýunda ýeňiş joşgunlygy ýok, diňe uruş döwrüniň obasynyň adaty günleri beýan edilýär. Şonda-da gelinleriň biriniň adamsynyň uruşdsan gaýdyp gelmändigi belli bolanda, näme üçindir, tomaşaçylaryň gözüne ýaş aýlanýar. Onsoň altmyş kilometr ýola arabany öz egninde çeken alty gelin hakyky Gahrymanlara öwrülýär, olaryň öňünde dyza çökesiň gelýär.

Bu waka ýazyjynyň oýlap tapan zady däl, ol hakykatdan-da Sterlibaş başgyr obasynda bolan waka. Zaki Zaýnullin öz eserinde olaryň adyny ebedileşdiripdir. Ýüregiňi elendirýän bu waka häzirki wagtda Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň esasy teatrlarynda sahnalaşdyryldy.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky drama teatrynda “Alty gelin” oýnuny ýaş režissýor Arslan Berdiýew kakasy– Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew bilen bilelikde goýdy. Ýaşlyga mahsus täzeçillik bilen nusgawy garaýyşlaryň sazlaşykly utgaşygy gowy netije-de berdi: alty başgyr gelniniň dartgynly ykbaly tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Oýunda uruş ýyllaryndaky ýagdaý, başgyrlaryň milli özboluşlylygy, olaryň däp-dessurlary ynandyryjy beýan edilipdir.

Baş keşpleri ýerine ýetiren Türkmenistanyň at gazanan artistleri Gerek Hojamämmedowa, Sülgün Täşliýewa we Göwher Muhammetgulyýewa, aktrisalar Ogulsenem Durdyýewa, Gülaýym Annameňliýewa, Tyllagözel Hydyrowa dagy gahrymanlarynyň içki dünýäsini ussatlarça açyp görkezýärler. Olaryň gahrymanlary üýtgeşikden gelen sada,– Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik işgärleriniň täze işi-de aslynda türkana bolsalaram, şol bir wagtyň özünde gaýduwsyz erki-gaýraty we özünden ileri tutýan söýgüsi bilen Beýiklige ýeten zenanlaryň hatyrasyna bagyşlanypdyr.

Share :
Share :
Etiketkalar :

In Telegram

Join To Our Channel

In Instagram

Follow Our Page

Commets

Your Comment

*

*
*

بالا
ترکمن نیوز