ترکمن نیوز
Galibaf:

Pars aýlagynyň howpsuzlygy goňşy ýurtlaryň hyzmatdaşlygy bilen üpjün edilýärTurkmensNews-  Kataryň Tehrandaky ilçisi bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy “Şübhesiz, Pars aýlag sebtiniň howpsuzlygy goňşy ýurtlaryň köpçülikleýin hyzmatdaşlygy bilen üpjün ediler” diýdi

 

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf Kataryň Tehrandaky ilçisi bilen geçiren duşuşygynda ABŞ-nyň sebite goşulyşmagyny Pars aýlagynyň howpsuzlygyna çynlakaý howp diýip atlandyrmak bilen Daşary ýurtlaryň, esasanam Amerikalylaryň sebitde bolmagy durnuksuzlygyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar diýdi.

Şeýle hem, Galibaf Eýran bilen Kataryň arasyndaky ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtmak bilen Saud Arabystanynyň Katara garşy sanksiýalaryny girizmek baradaky hereketini nädogry hasaplamak bilen Bu ýalňyş we birtaraplaýyn hereket ABŞ tarapyndan käbir ýurtlara garşy ulanylýar diýip yglan etdi.

Duşuşygyň dowamynda Kataryň Tehrandaky ilçisi iki ýurduň arasyndaky parlament gatnaşyklaryny dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlarda möhümdigini nygtap geçdi.

 

تاریخ و زمان خبر

07

07

2020

چاپ
تلگرام
اینستاگرام
گوگل پلاس
فیسبوک
توئیتر
فونت بزرگ
فونت کوچک

propaganda